JEMGYÝET

«Her gün»-üň önümleri Täze ýyl saçaklaryny bezär

«Her gün» ýokary hilli önümlerini dürli ölçeglerde täze ýyl saçaklary üçin hödürleýär. Bu barada «Rysgal» gazeti habar berýär.

Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Awçy geňeşliginiň çägindäki süýt önümlerini gaýtadan işleýän kärhanada «Her gün» haryt nyşany bilen alyjylara hödürlenýän süýt önümleriň hatarynda peýnirleriň görnüşleri diňe artmak bilen.  Kärhanada öndürilýän ereme peýnirler 100, 320 gramlyk gutulara gaplanylýar. Şeýle hem bu ýerde peýnirleriň «Amyderýa», «Abiwerd», «Altyn peýnir» ýaly görnüşleri öndürilip, olaryň 200, 245, 450 gramy, 4 we 8 kilogramy ýörite gaplara ýerleşdirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: