MILLI BAÝRAMÇYLYKLAR

Lebap welaýatynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy bellenildi

 Şu gün Türkmenistanda ýurt  31 ýyllygy bellenilýär. Bütin ýurtda bolşy ýaly, Lebap welaýatynda hem şu mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi. Welaýatda çärelere baş Baýdak meýdançasynda badalga berildi. Ertir irden bu ýerde hormatly il ýaşululary, kümüş saçly eneler, welaýat we şäher häkimliginiň, kärhanalaryň, edaralaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri ýygnandylar.

Bellenilen wagtda Türkmenistanyň döwlet senasynyň ýaňlanmagy bilen Türkmenistanyň Döwlet Baýdagy galdyryldy. Çykyşlardan soňra sungat ussatlarynyň konserti boldy. Onda häzirki zaman kompozitorlarynyň ýazan Watan hakyndaky we liriki aýdymlary, joşgunly tanslar ýerine ýetirildi. Agşam baýramçylygyň merkezi «Türkmeniň ak öýi binasynyň ýanyna geçer. Bu ýerde baýramçylyk konsertiniň bolmagyna garaşylýar.

Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet  sazly drama teatrynyň döredijilik topary hem baýramçylyk progammasyny taýýarladylar. Olar teatryň repertuaryna režissýor Perhat Hudaýberenow tarapynda goýlan «Mertler Watany beýgelýär» (awtorlary — Perhat Hudaýberenow we Gaýypnazar Jumaýew)  we «Watan jandan ileri» (awtory — Döwran Agalyýew) atly spektakllary goşdular. Agşam bu ýerde tomaşaçylara konsert hem garaşýar.

Şeýle baýramçylyk çäreleri welaýatyň etraplarynyň we şäherlerini ählisinde hem geçirildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: