JEMGYÝET

«Ak gämi» ilkinji gezek görkezildi

Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda meşhur gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň «Ak gämi» atly eseri esasynda sahnalaşdyrylan spektaklyň ilkinji görkezilişi geçirildi.

Režissýor Perhat Hudaýberenowyň goýan spektaklynda maşgala mukaddesligi, çaga terbiýesi we onuň geljegi hakynda gürrüň açylýar.

Durmuşa täze gadam goýan ýaşlaryň öňündäki kynçylyklar, olary ýeňip geçmegiň ýollary, maşgala ojagyňa wepalylyk we perzendiň öňündäki borjy unutmazlyk ýaly düşünjeler eseriň içinden eriş-argaç bolup geçýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: