JEMGYÝET

Türkmenistanda «Çalsana, bagşy!» bäsleşigi geçiriler

ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen dutar ýasamak senetçiligini, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny giňden wagyz etmek, zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykarmak we olary höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda «Çalsana, bagşy!» bäsleşigini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Bäsleşigiň jemi 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda jemleniler ýeňijiler sylaglanylar.

Türkmenistanyň Prezidenti «Çalsana, bagşy!» bäsleşigini yglan etmek hakyndaky” Karara gol çekdi, diýip, «Türkmenistan. Altyn asyr» ýazýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: