JEMGYÝET

Marsda pomidor ýetişdirip bolar

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň alymlary Florida ştatynda Mars planetasyna meňzeş meýdan döredip, şol ýerde barlag işlerini geçirdiler.

Emeli Mars meýdanynda Mars planetasynyň howa basyşyny we ýylylygyny döreden alymlar bu synag meýdançasynda pomidor ösdürip ýetişdirmegi başardylar.

Florida tehniki uniwersitetiniň Oldrin galaktika institutynyň we pomidor üwmejini öndürýän «Heinz» şereketiniň bilelikde geçiren barlagyndan soň, emeli Mars meýdanynda pomidorlaryň ösüp ýetişendigi mälim edildi.

Ýüzlerçe düýp pomidory ösdürip ýetişdiren alymlar indi bu ýerde beýleki oba hojalyk ekinlerini hem ekip görmegi maksat edinýärler. Geljekde bu işler göni Mars planetasynyň özünde geçiriler.

Merjen Mergenowa,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen

oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: