JEMGYÝET

Magtymguly Pyraga bagyşlanan çäre geçirildi

Ýurdumyzyň ähli ýerinde beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreler giňden bellenilýär. Şeýle dabaralar Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygynyň öň ýanyndaky günlerde has çuňňur many-mazmuna eýe bolýar. Olaryň biri Saýat  etrabynyň Sakar şäheriniň medeniýet öýünde geçirildi. Geçirilen çäre

” Magtymguly arzuwyň boldy berkarar,  Arkadagym bilen halkym bagtyýar” diýen şahyrana at bilen gurnaldy. Bu dabara medeniýet we sungat işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, uly nesliň wekilleri, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Saýat etrap birleşmesiniň işjeň agzalary gatnaşdylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: