Aşgabatda döredijilik bäsleşiginiň jemini jemlediler
Aşgabatdaky «Gülzemin» söwda-dynç alyş merkeziniň toý dabaralary zalynda «Arkadagyň sungaty sen, Aşgabat!» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemlenildi. Bäsleşik ýylyň başynda «Aşgabat» gazetiniň redaksiýasy, Aşgabat şäher häkimligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşi tarapyndan yglan edilipdi.
Bäsleşigiň jemleri boýunça iň gowy makala, iň gowy goşgy, iň gowy fotosuratlar boýunça ýeňijiler kesgitlenildi. Şeýle hem, dabarada Aşgabat şäher häkimligi bilen «Aşgabat» teleýaýlymynyň bilelikde yglan eden «Aşgabat — dizaýn şäherim» atly wideorolikleriň bäsleşiginiň hem ýeňijileri yglan edildi. Bäsleşikleriň ýeňijilerine gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.