JEMGYÝETTARYH

Oba mekdebiniň mugallymy muzeý döretdi

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky 29-njy orta mekdebiň taryh mugallymy Atadurdy Jumaýew mekdep muzeýini döretdi.
Ol onuň ilkinji eksponatlaryny 1997-nji ýylda ýygnap başlady. Häzir bu ýerde goýlan zatlaryň sany 760-dan geçdi. Muzeý alty bölümden ybarat bolup, olarda türkmen halkynyň çarwa we oba hojalygy, ýaşaýşy, el hünärleri, zähmet gurallary hem-de obanyň taryhy bilen baglanyşykly eksponatlar goýlan. Onda demir hem-de agaç ussalaryň öz elleri bilen ýasan, işlän zähmet gurallary, ýasan kätmendir pilleri, çarşakdyr sokulary, juwazdyr terezileri, kündedir malalary, gap-gaçlary we ýene-de ençeme zatlar ýerleşdirildi.


Eksponatlar obanyň döreýşi, medeni ojaklaryň emele gelşi, obanyň çäginde geçmişden galan taryhy ýadygärlikler, obanyň ykdysady we medeni-durmuş ýagdaýyny ýokary götermäge goşant goşan, dürli pudaklarda zähmet çeken adamlar, Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlar, onda wepat bolanlar, zähmet gahrymanlary baradaky maglumatlar hem ýerleşdirilen. Çärjew beginiň galasynyň, Idris babanyň şah palçykdan kiçeldilen görnüşde ýasalan görnüşleri, suratlary, dünýäniň döwletleriniň 25-isiniň kagyz pullary we şaýlyklary we beýleki eksponatlar gelenlerde uly gyzyklanma döredýär. Häzirki «Watan» (öňki Çapaýew adyndaky) daýhan birleşigine 30 ýyllap ýolbaşçylyk eden Sosialistik Zähmetiň Gahrymany Oguldurdy Berdiýewanyň hakyda burçunyň ýanynda uzak wagtlap saklanýarlar. Onda Oguldurdy Berdiýewanyň durmuş ýoly, işlän döwründäki suratlary, şahsy resminamalary, çagyryş hatlary, TSSR Ýokary Sowetine deputatlyk resminamalary, ýan depderleri, el ýazgylary, gazetlerde ol barada ýazylan makalalar we şol döwürleriň tehnikalarynyň suratlary hem goýlan.
Muzeýde taryh sapaklary, ülkäniň taryhyna bagyşlanan duşuşyklar geçirilýär.


Häzir muzeýiň eksponatlarynyň sanly katalogyny döretmek, dürli temalara bagyşlanan prezentasiýalary taýýarlamak boýunça iş alyp barylýar. Munda mekdebiň ýokary synp okuwçylary ýakyndan kömek berýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply