Russiýa Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşyklaryna agza ýurtlar bilen awigatnawlary tizden-tizden gaýtadan dikeltmegiň tarapdary. Hatda bu barada «Rosawiasiýanyň» ýolbaşçysy Aleksandr Neradko ýurduň premýer-ministriniň orunbasary Tatýana Golikowa resmi hat bilen çykdy. Hatda GDA agza döwletler bilen howa gatnawlaryny dikeltmek boýunça ilkinji ädimleri ätmegiň wagtynyň gelendigi aýdylýar.

Saglyk bilen bagly ähli ýagdaýlar berk gözegçilige alnyp gatnawlary dikeltmek awiakompaniýalaryň we döwletleriň ykdysady we syýahatçylyk taýdan kynçylyklaryny aradan aýyrmaga ýardam berer. Galyberse-de, GDA döwletleri bilen howa gatnawlaryny dikeltmek Ýewropanyň beýleki döwletine gatnawy ýola goýmakdan has howpsuz.

Ýöne häzirki döwürde beýleki döwletleriň rus syýahatçylaryny kabul edip-etmejekligi möhüm sowal bolmagynda galýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: