LUKMANÇYLYK

Lukman Mýasnikow D witaminini nähili kabul etmelidigini maslahat berdi

Lukman we telewideniýäniň alyp baryjysy Aleksandr Mýasnikow D witaminini dogry kabul etmegiň usulyny açyp görkezdi. «Россия-1» telekanalynyň ýaýlymynda ol bu maddanyň girdenek (tabletka) görnüşinde gowy özleşdirilýändigini belledi, diýip «РИА Новости» agentligine salgylanmak bilen, «lenta.ru» ýazýar.

Hünärmen azygyň düzümindäki witaminleriň has peýdalydygyny bellemek bilen, girdenek görnüşinde taýýarlanylan witamin-mineral toplumyny içmek maslahat berilýänleriniň hem barydygyny aýtdy.

«D witamini — şeýle kadadan çykmalaryň biri. Ony hökmany suratda göwreli aýallar, ýaşulular, çagalar we uly ýaşly adamlar kabul etmeli» diýip Mýasnikow belledi. Ýöne bu maddanyň barlamhanada tassyklanan ýetmezçiligi bolan ýagdaýynda kabul edilmelidigini hem ýatlatdy.

Lukman D witamininiň treskanyň (demirgazyk deňizleriniň balygynyň) bagrynda, suw ösümliklerinde, deňiz önümlerinde we ýumurtgada bardygyny ýatlatdy. Ony kabul etmegiň ýene bir usuly günüň aşagynda bolmakdyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: