JEMGYÝET

Lebap welaýatynda boş iş orunlaryna hünärmenleri çagyrýarlar

Lebap welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi welaýatyň çäklerindäki kärhanalaryň, guramalaryň we edaralaryň dürli hünärler boýunça işe çagyrýandygy baradaky maglumaty «Türkmen gündogary» gazetiniň okyjylarynyň dykgatyna ýetirdi.

Berlen bildirişde Türkmenabat şäherinde we etraplarda dürli ugurlardaky lukmanlaryň, mugallymlaryň, agronomlaryň, laborantlaryň, ykdysatçylaryň, hasapçylaryň we beýleki ýokary bilimli hünärmenleriň işe çagyrylýandygy barada habar berilýär. Şonuň ýaly-da, sürüji, kebşirleýji, krançy, mehanizator, şepagat uýasy, feldşer, aşpez, tans goýujy, elektrik ýaly we beýleki hünärler boýunça başlangyç we orta hünär bilimli işgärlere garaşylýandygy hem okyjylaryň dykgatyna ýetirilýär. Hünär bilimi bolmadyklar kärendeçi, kerpiç örüji, suwagçy, betonçy we dürli işçi bolup işlemäge çagyrylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: