LUKMANÇYLYK

Türkmenistanda COVID-19-a reagirlemek boýunça täze taslamany girizmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi BMGÖM we Bütindünýä banky bilen bilelikde Türkmenistanda COVID-19-a reagirlemek boýunça täze taslamany girizmegi meýilleşdirilýär, diýip, «Türkmenistan. Altyn asyr» saýtynda habar berilýär.

Taslama barlag we bejeriş çygrynda milli mümkinçilikleri berkitmegi, lukmançylyk hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagy, reagentleri, dermanlary we lukmançylyk enjamlaryny satyn almagy, şonuň ýaly-da pandemiýa bilen baglanyşykly töwekgelçilikleri we saglyk üçin howpy aradan aýyrmagy göz öňünde tutýar. Taslama ýokanç kesellere gözegçilik etmegiň sanly çözgütlerini goldar.

Bütindünýa saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistandaky edarasy tarapyndan bu resminamanyň ýol kartasy hödürlenildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: