YKDYSADYÝET

«Altyn saraý» hojalyk jemgyýeti ýylyň başyndan bäri polipropilen haltalarynyň 20 tonna golaýyny eksport etdi

«Altyn saraý» hojalyk jemgyýeti eksporta önüm iberijileriň arasynda esasy orunlaryň birini eýeleýär, diýip «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.

Hojalyk jemgyýeti polipropilen haltalary öndürmek bilen meşgullanýar. Bu önümler içerki şeýle hem daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýar. Geçen ýylda bu ýerde 13 million manatlyga golaý önüm öndürildi. Şonuň agramly bölegi eksporta iberildi. Şu ýylyň başyndan bäri hojalyk jemgyýeti öz önüminiň 20 tonna golaýyny daşary ýurtly hyrydarlara ugratdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: