YKDYSADYÝET

«Mizemez gadam» hususy kärhanasy eksport ugurly harytlary öndürýär

«Mizemez gadam» hususy kärhanasynda ýylyň başyndan bäri 2300 müň inedördül metr izogamm öndürildi. Bu geçen ýylyň degişli döwründäkisinden 244 müň inedördül metr köpdür.

Şonuň ýaly-da, kärhanada 4000 tonna suwuk bitum mastikasy, 2323 müň sany kerpiç, 480 tonna keramiki kerpiji ýelmeýji gury garyndy hem öndürildi.

Kärhana daşary ýurt bazarlarynda  hem ykjam orun alan önüm öndürijileriň biridir. Ol geçen on aýda izogammyň 1023 müň inedördül metrden gowragyny, suwuk bitum mastikasynyň 1916,5 tonnadan gowragyny daşary  ýurtlara eksport etdi. Bu önümleri Özbegistanyň we Türkiýäniň işewürleri satyn aldylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: