SPORT WE SYÝAHAT

Küşt boýunça açyk birinjilik geçirildi

Küşt boýunça Türkmenabat şäheriniň 13-nji sport mekdebiniň açyk birinjilik geçirildi. Oňa Lebap welaýatynyň etraplaryndan gelen dürli ýaşdaky küştçüler, şol sanda bu oýnuň weteranlary gatnaşdylar. Onda jemi 148 adam birinjiligi almak ugrunda göreşdi.

On günläp dowam eden ýaryşda Lala Şöhradowa birinji, Wepaly Halnyýazow ikinji, Gülmira Seýihanowa üçünji, Kadyr Jumaýew dördünji, Sanjar Gaýbullaýew bäşinji we Arslan Hudaýberdiýew altynjy orunlara mynasyp boldular. Olara diplomlar, medallar we pul baýraklary gowşuryldy.

Şonuň ýaly-da, sekiz, on iki we on alty ýaşa çenli oglanlaryň we gyzlaryň arasynda hem ýeňijiler aýratynlykda yglan edildi we olar diplomlar hem-de medallar bilen sylaglanyldy.

Sylaglanyş dabarasy tamamlanandan soň açyk birinjiligie gatnaşyjylaryň arasynda lotereýa oýnaldy. Onda bagty çüwenler pul utuşlarynyň eýeleri boldular.

Açyk birinjiligi geçirmäge şu mekdepde tälim alan küştçüler: Myrat Huseýinow, Bahadur Hojamkulyew we Baýram Turapow dagylar hemaýatkärlik etdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: