YKDYSADYÝET

Lebaply telekeçiler önümlerini daşary ýurtlara iberýärler

2023-nji ýylyň ilkinji aýynda Lebaply telekeçileriň üçüsi senagat önümlerini daşary ýurtlara ugratdylar. Olar «Mizemez gadam», «Türkmen ojagy» we «Altyn bürgüt» hususy kärhanalarydyr.

Daşary ýurtly işewürler türkmen telekeçileriniň öndüren izogammyny, suwuk bitum mastikasyny, kendir görnüşli watinini we haltalyk matalaryny satyn aldylar. Harytlar Özbegistana, Gyrgyzystana we Russiýa iberildi.  Iberilen harytlaryň umumy bahasy ABŞ-niň 680 müň dollaryna barabar boldy.

Geçen ýylyň dowamynda lebaply telekeçileriň eksporta ugradan senagat önümleriniň umumy bahasy 11 million  197,5 müň dollara ýakyn bolupdy. Işini Lebap welaýatynda alyp barýan 16 telekeçi daşary ýurtlar bilen söwda guradylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: