JEMGYÝET

«Tebigat çeşmesi» hususy kärhanasy Kerkide dermanhana açdy

Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde täze dermanhana açyldy. Bu «Tebigat çeşmesi» hususy kärhanasynyň Lebap welaýatyndaky ikinji, bütin Türkmenistanda bolsa bäşinji dermanhanasydyr. Geçen ýylyň awgust aýynyň soňundan onuň şahamçalarynyň biri Türkmenabat şäherinde işleýär.

Sekiz iş otagyndan ybarat bir gatly jaý 500 inedördül metr meýdany tutýar. Onuň üç: derman serişdeleri, lukmançylyk enjamlary we ammar bölümleri bar. Dermanhana ertir sagat ýediden agşam sagat ýigrimi üçe çenli arakesmesiz we dynç alyş günsüz işleýär. Bu işleýänler we oba ýerleriniň ýaşaýjylary üçin amatlydyr. Ýagny, şähere derman almak üçin diňe Kerkiniň we onuň daş töwereginiň däl-de, ýakyndaky etraplaryň ýaşaýjylary hem gelýärler. Dermanhana prowizorlar, farmasewtler we maslahatçylar üpjün edilen.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: