YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda güýzlük bugdaýyň ekişi tamamlandy

Lebap welaýatynda güýzlük bugdaýyň ekişi üstünlikli tamamlandy. Türkmenistanyň günorta-gündogar sebitinde bu dänelik ekiniň tohumy 130 müň gektar meýdana sepildi.

Ýene-de ýedi aý töweregi wagtdan soň, has takygy, geljek ýylyň tomsunyň ilkinji aýynda ekilen meýdanlardan 310 müň tonna hasyl almak meýilleşdirilýär.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, bugdaý ekişine sentýabr aýynyň başynda badalga berilipdi. Bellenilen agrotehniki çäreleriň wagtynda geçirilmeginde Lebap welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň etrap tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň hünärmenleriniň hyzmaty uludyr. Olar ýerleri sürmek, tekizlemek, ekişi geçirmek işlerini wagtynda we edilýän talaplara laýyk ýokary hilli ýerine ýetirdiler.

Şu möwsümde ýer sürüji traktorlaryň 202-si, däne ekijileriň 226-sy bökdençsiz işledildi. Etrap tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň hünärmenleri olaryň abat bolmagyny üpjün etdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: