BILIM

Lebaply okuwçylar şu ýyl halkara bäsleşiklerde 250-ä golaý diplom gazandylar

Şu ýylyň başyndan bäri halkara, ders, taslama we internet bäsleşiklerinde Lebap welaýatynyň mekdep okuwçylarynyň 246-sy birinji, ikinji we üçünji derejeli diplomlara eýe boldular.

Olardan 220-si birinji, 20-si ikinji, 6-sy bolsa üçünji derejeli diplomlardyr.

Welaýatyň mekdep okuwçylarynyň geçen ýylyň dowamynda geçirilen halkara bäsleşiklerdäki medallarynyň sany 34-e, diplomlary bolsa 5884-e deň bolupdy.

Bu bäsleşiklerde, esasan hem, Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 28-nji, 39-njy we 41-nji orta mekdepleriň zehinli okuwçylary tapawutlandylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: