YKDYSADYÝET

«Tallymerjende» örüler bol-elin ýetýär

«Tallymerjen» maldarçylyk hojalygynyň maldarlary gyşa taýýarlykly geldiler.

Hojalygyň ygtyýarynda guýularyň 122-si bar. Kaşarlaryň 184-si, agyllaryň 60-sy ätiýaçlyk ot-iým gory bilen üpjün edildi. Maldarlar gyş üçin 2291 tonna ot-iým taýýarladylar. Şonuň 500 tonna möçberdäkisi gyşyň geçen günlerinde harçlanyldy.

Häzirki günlerde mallar bar bolan 122 guýynyň 78-siniň daş-töweregindäki öri meýdanlarynda bakylýar. Galan öri meýdanlary ätiýaçlyk üçin aýawly saklanylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: