BILIM

Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň talyplary Açyk halkara internet-olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary Russiýanyň Powoložýe Döwlet tehnologik uniwersiteti tarapyndan geçirilen Açyk halkara internet olimpiadasynda öňdäki orunlary eýelediler. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Umuman, ýurdumyzyň talyplary bu olimpiadanyň ilkinji iki tapgyrynda öňdäki orunlaryň 126-syny eýelediler. Olaryň 31-si altyn medaldyr.
Olimpiada Russiýanyň, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Belarusyň we Sloweniýanyň 205 sany ýokary okuw mekdebinden 3 müňden gowrak talyp gatnaşdy.
Talyp biliminiň gözden geçirilişi fizika, himiýa, informatika, maddalaryň garşylygy, statistika, nazary mehanika, ykdysadyýet, ekologiýa dersleri boýunça amala aşyryldy. Matematika boýunça ýaryş üç tapgyrda göz öşünde tutulyp, onuň jemleýji tapgyry 12 ― 13-nji maýda geçiriler.
Halkara internet olimpiadasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmen Oba hojalyk institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary hem üstünlikli çykyş etdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply