JEMGYÝET

«Gündogar akymy» hojalyk jemgyýetiniň zawodynda günebakar ýagy çykarylýar

«Rysgal» gazetiniň habar bermegine görä, «Gündogar akymy» hojalyk jemgyýetiniň zawodynda ösümlik ýagy çykarylýar. Onuň kuwwatlylygy ýylda 18 müň tonna çigidi gaýtadan işläp, 7200 tonna arassalanan ösümlik ýagyny hem-de günde 60 tonna un öndürmäge barabardyr.

Şu ýyl 150 tonna günebakar çigidi gaýtadan işlenip, ondan 60 tonna ösümlik ýagy, 90 tonna sarun alyndy. «Günaý» ýaglary 1 hem-de 5 litrlik gaplara gaplanýar.

Hojalyk jemgyýetine 2020-nji ýylda Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň çäginde oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmek üçin 6 müň gektar ýer bölünip berildi. Bu ýerde ekin dolanyşygy esasynda 900 gektarda günebakar çigidini, hersi 850 gektar bolan meýdanda soýa, raps, künji, 2 müň 550 gektarda bugdaý ekmek göz öňünde tutulýar.

Häzirki wagtda bölünip berlen ýere suw we beýleki üpjünçilik ulgamlaryny eltmek boýunça taslamalar durmuşa geçirilýär. Şu ýyl olar 150 gektarda günebakaryň bereketli hasylyny ýetişdirip, onuň hasylyny ýygnaýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: