YKDYSADYÝET

Hojambaz etrabynda gowaça ekişinde ulanyljak tehnikalar taýýarlyk hatarynda

Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynda gowaça ekişinde ulanyljak tehnikalar taýýarlyk hatarynda goýuldy.

Şu möwsümde gowaça ekijileriniň 27-si ulanylar. Geçen ýyllaryň tejribesi olaryň gowaça ekişini bellenilen möhletlerde we agrotehnikanyň talaplaryna laýyk geçirmäge mümkinçilik berýändigini görkezdi.

Şu günlerden gowaça gögerip çykanyndan soň ulanyljak tehnikalaryň hem hemmesini taýýarlyk hatarynda goýdular. Etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasyna we daýhan birleşiklerine degişli kultiwatorlaryň 117-si, mineral dökün berijileriň 21-si hem abatlanyldy we ulanylmaga taýýar edilip goýuldy.

Bulardan başga-da gowaça ekişiniň öň ýanynda ýer tekizleýjileriniň 19-sy, dişli boronalaryň 357-si atyzlara çykarylar. Malalar, diskli boronalar, çizeller, motygalar hem abatlanyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: