JEMGYÝET

Lebaply halyçylar «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly adyň eýesi boldular

Lebaply halyçylaryň dördüsi «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly adyň eýesi boldular. Bu at olara we ýurduň beýleki sebitlerine wekilçilik edýän ýene-de ýedi halyça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permany bilen berildi.

Has takygy, Türkmen halysynyň baýramynyň bellenilýän günlerinde Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçylary Maýsagül Pirgulyýewa, Bahargül Annaýewa, Aknabat Basarowa we Gülälek Welläýewa dagylar bu hormatly adyň eýeri boldular.

Olara hormatly adyň nyşanly Aşgabat şäherinde geçirilen baýramçylyk dabaralarynyň gurşawynda gowşuryldy.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: