Türkmenistanyň ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Hojambaz etrap geňeşiniň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň bilelikde guramaklarynda «Siz mertebe, siz buýsanç hem guwanç siz, bagtyýar zamanaň gelin-gyzlary!» diýen at bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.
Oňa bilim ulgamynda göreldeli zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar. Döredijilik duşuşygynyň dowamynda çykyş eden mährem eneler gyzlaryň edepli-ekramly bolup ýetişmeklerinde maşgalanyň we mekdepde berilýän terbiýäniň, görüm-göreldäniň ähmiýeti dogrusynda belläp geçdiler. Döredijilik bilen meşgullanýan gelin-gyzlar zenan dünýäsi hakynda ýazan goşgularyny okadylar.
Amaly-haşam sungatynyň sergisinde zenanlaryň taýýarlan çeper el işleri görkezildi.
Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynda döredijilik duşuşygy geiçrildi

11
May