BIZE YAZYARLAR

Ýuwuş suwy ― bol hasylyň girewi

Suwarymly ekerançylykda peýdalanylýan ýerleriň ählisi diýen ýaly şorlama hadysasyna sezewar bolýar. Ösümlikler üçin zyýanly duzlaryň ýeriň üstki gatlaklarynda toplanmagy netijesinde toprak şorlaşýar. Şoruň düzümindäki dürli duzlar we beýleki himiki birleşmeler ösümliklere zyýanly täsir edýär. Olar ösümligiň öýjüginiň sitoplazmasynyň düzümindäki suwy gysyp çykarýarlar. Sitoplazmada suwuň ýetmezçiliginiň ýüze çykmagy zerarly azot çalşygy bozulyp, belogyň emele gelmegi togtaýar ýa-da dargamasy güýçlenýär. Netijede emele gelýän ammiak gazy ösümlikleriň öýjüklerine zäherleýji täsirini ýetirýär.

Geçirilen ylmy barlaglar gowşak şorlaşan ýerlerde gowaçanyň hasyllylygynyň 15, orta şorlaşan ýerlerde bolsa 30 göterime çenli peselýändigini görkezdi. Şeýle zyýanly täsiriň öňüni almak üçin ýerleriň şorlaşmagyna garşy göreş çärelerini netijeli geçirmek talap edilýär. Bu babatda ekerançylyk ýerlerine ýuwuş suwuny tutmak we şor suw akabalaryny gyrmançalardan arassalamak möhüm ähmiýete eýedir. Bu çäräniň maksady topragyň düzümindäki suwda ereýän zyýanly duzlary topragyň aşaky — ekinleriň kök ulgamynyň ýaýramaýan gatlagyna düşürmekdir.

Ýuwuş suwuny tutmagyň kadalary we möçberleri topragyň şorlaşma derejesine hem-de onuň mehaniki düzümine baglydyr. Degişli ylmy-barlag edaralarynyň hünärmenleri tarapyndan welaýatymyzyň dürli toprak-howa şertlerine geçirilen meýdan tejribeleriniň esasynda ýuwuş suwuny tutmagyň kadalary anyk kesgitlenildi. Bu zerur çäräni talabalaýyk geçirmek üçin topragyň mehaniki düzümine görä çil çekip, ýeňil toprakly ýerleri 0,15 — 0,25, orta we agyr toprakly meýdanlary bolsa 0,25 — 0,35 gektar möçberinde böleklere bölmeli.

Topragy gowşak şorlaşan ýerleriň her gektaryny ortaça 2 — 2,5 müň kub metr möçberindäki suw bilen bir gezek ýuwmak ýeterlikdir. Orta şorlaşan ýerleriň her gektary jemi 3 — 3,5 müň kub metr suw bilen kada laýyklykda iki gezek (her gezekde bir gektara tutulmaly suw 1,5 — 1,7 müň kub metr), güýçli şorlaşan ýerleriň her gektary bolsa 4,5 — 5 müň kub metr möçberindäki suw bilen üç gezek ýuwulmalydyr. Şonda her suwaryşyň arasy 7 — 10 gün bolmalydyr. Şory talabalaýyk ýuwlan topragyň, ylaýta-da, toýunsow topragyň ýüzi ýalpyldawyk, açyk mele reňkde bolýar. Geljekki hasylyň bereketli bolmagynda ýuwuş suwunyň ähmiýetiniň uludygyny göz öňünde tutup, oba hojalyk işgärleri, kärendeçiler bu işe jogapkärli çemeleşmelidirler.

Dünýä MÄMMETJUMAÝEWA,

Türkmenabat Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: