YKDYSADYÝET

Lebaply ekerançylar ýeralmanyň öndürilişini artdyrdylar

Üstümizdäki ýylyň geçen on bir aýynda welaýatyň ähli hojalyklarynda bu zerur azyk önüminiň 120,2 müň tonnasy öndürildi. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwrüne görä 1,6 göterim ösüş gazanylandgyna şaýatlyk edýär.

Bu babatda Çärjew etrabynyň daýhanlary has ýokary netijeleri gazandylar. Etrapda şu döwre çenli ýeralmanyň 36,6 müň tonnasy öndürildi. Bu babatda iň ýokary ösüş depgini bolsa Saýat etrabynda gazanyldy. Etrabyň ekerançylary geçen ýylyň deňeşdirilýän döwrüne görä 30,9 göterim ösüş depginini gazandylar we ýeralmanyň 27,1 müň tonnasyny alyjylara hödürlediler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: