YKDYSADYÝET

Bölek haryt-satuw dolanyşygynyň möçberi 11 göterime golaý köpeldi

Hawa, 2022-nji ýylyň geçen on bir aýynda Lebap welaýaty boýunça bu görkeziji has artyp, 13 milliard 089,4 million manatlyga barabar boldy.

Çäkler boýunça bu babatdaky has uly paýlar Türkmenabat şäherine, Çärjew, Halaç, Dänew, Kerki etraplaryna düşýär. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň kärhanalary döwlete degişli bölekdäki bölek haryt-satuw dolanyşygynyň umumy möçberiniň 44,3 göterimini eýeledi. Şu ýylyň dekabr aýynyň 1-ine ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň söwda edýän kärhanalary boýunça sarp ediş harytlarynyň umumy möçberi 184,3 million manatlyga deň bolup, ol geçen ýylyň deňeşdirilýän döwrüne görä 70,4 göterim köpeldi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: