Lebap welaýatynyň Halaç we Köýtendag etraplarynyň gallaçylary bugdaý tabşyrmak boýunça baglaşylan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirdiler.

Halaç etrabynyň gallaçylary 53 müň 500 tonnadan gowrak, Köýtendag etrabynyň ekerançylary bolsa 17 müň 600 tonnadan gowrak bugdaý hasylyny ýygnap alyp, kabul ediş harmanhanalaryna we elewatorlar tabşyrdylar.

Geçen ýylyň güýzünde bugdaý tohumy sepilen meýdanlarda ekine agrotehnikanyň kadalaryna laýyk ideg edildi. Kärendeçiler ýeterlik mukdarda mineral we organiki dökünler üpjün edildi. Bu bolsa bol hasylyň ýetişdirilmegini şertlendirdi.

Galla oragy möwsümi döwründe kombaýnlary we hasyl daşaýan ulaglaryň bökdençsiz işlemegi üçin ähli mümkinçilikler döredildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: