YKDYSADYÝET

Telekeçilik işi bilen meşgullanmaga başlaýanlara maliýe goldawy berilýär

Türkmenistanda telekeçilik işi bilen meşgullanmaga başlaýanlara ýeňillikli karzlary bermegiň Tertibi tassyklanyldy. Bu resminama Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň maglumatlar portalynda hem ýerleşdirildi, diýip, «turkmenportal.com» ýazýar

Tertibe laýyklykda, hususy telekeçi kiçi we orta telekeçilige degişli bolan ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahs bolup, ol öz işini Türkmenistanyň Raýat Kodeksine, “Telekeçilik işi hakynda” we “Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda amala aşyrýar. Ýeňillikli maliýe serişdeleri işlenip düzülen we tassyklanan Tertibiň çäginde telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilendir.

Hususy telekeçilere olaryň telekeçilik işine maliýe taýdan goldaw bermek üçin karzlar Türkmenistan boýunça bellenen iň pes aýlyk zähmet hakynyň 500 essesine çenli möçberde, ýyllyk 5 göterim bilen 7 ýyl möhlete berilýär. Şunça wagtyň 2 ýyly ýeňillikli döwürdir.

Goldaw çäresi şu aşakdaky görkezilen maksatlary üçin gönükdirilmäge degişlidir:

senagat önümleriniň önümçiligini ösdürmek;

bar bolan önümçilikleri giňeltmek;

halk çeperçilik senetleriniň we amaly sungatyň önümlerini öndürmek;

önümçilik üçin niýetlenilen desgalary satyn almak;

hyzmatlary ýerine ýetirmek;

maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek, oba hojalyk önümlerini öndürmek, olary saklamak, gaýtadan işlemek bilen bagly taslamalary maliýeleşdirmek.

Hususy telekeçiler karzlary almak üçin Karz edarasyna şu aşakdaky resminamalary tabşyrýarlar:

karz almak üçin ýüztutmasy;

iş meýilnamasy ýa-da tehniki ykdysady esaslandyrmasy;

karzy ulanmagyň maksady bolan harytlary, ýerine ýetirilýän işleri, hyzmatlary tassyklaýan resminamalaryň (şertnamalar, hasap-sypatnamalary we ş.m.) nusgalary;

fiziki şahs-hususy telekeçiniň döwlet tarapyndan bellige alnandygyny tassyklaýan resminamalaryň nusgalary;

maliýeleşdirilýän taslama boýunça ýer böleginiň ýa-da önümçilik jaýynyň barlygyny tassyklaýan resminamalaryň göçürmesi (ýer bölegine eýeçilik hukugyny berýän ýa-da ýerden peýdalanmak hukugyny berýän Döwletnamalary, ýere kärende hukugy barada Şahadatnama, tükelleýiş işi, eýeçilik, kireýine almak ýa-da başga kanuny esasda peýdalanmagyny tassyklaýan resminamalaryň nusgalary);

önümçilik desgalaryny gurmaklyga potrat şertnamalar (gurluşyk we taslama işlerine degişli ygtyýarnamalaryň nusgalaryny çatmak bilen);

satyn alynýan enjamlaryň gelip çykyşyny, şeýle hem esasy serişdeleri satyn almak bilen bagly önümçilik taslamalar boýunça çig mal üpjünçiligini tassyklaýan resminamalar.

Adaty bukjadan başga-da, karz edarasy işiň maksatnama laýykdygyny tassyklaýan goşmaça resminamalary sorap biler.

Arza bereninden soň karz edarasynyň ýörite topary telekeçiniň tölege ukyplylygyny we iş meýilnamasyny barlaýar. Soňra 7 günüň içinde ýörite topar karz bermek ýa-da ret etmek barada hasabat berýär.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanda telekeçiler iň pes aýlyk hakynyň 500 essesine çenli karz serişdelerini alyp bilýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: