TÜRKMENISTAN HABARLARY

«Lebapetönümleri» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň önümçilik kuwwaty ýokarlandyrylar

«Lebapetönümleri» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde geçen ýylda 60 tonna 580 kilogram et we et önümleri öndürildi.
Häzirki wagtda jemgyýetiň hünärmenleri şöhlat önümleriniň 18 görnüşini taýýarlaýarlar. Ýarym kakadylan birinji derejeli «Daşrabat», «Hazar», «Aşgabat», «Köýtendag» ýaly şöhlat önümleri, olaryň gaýnadylan görnüşleri, guş etinden taýýarlanylan «Saýatly» şöhlaty, «Sähra» ýaly büzmeçler ilatyň arasynda uly islegden peýdalanýarlar. Taýýarlanylýan önümleri welaýatyň çäginde ýerleşýän döwlet we hususy eýeçiligindäki dükanlarda ýerleýärler. Söwda nokatlarynda paýdarlar jemgyýetiniň sowadyjylarynyň 280-si oturdyldy. Bu önümleri ilata terligine ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Üstümizdäki ýylda jemgyýetde önümçiligi giňeldip, bu görkezijini 100 tonna ýetirilmegi maksat edinýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply