Kepderi ummanyň üstünden 13 müň kilometr aralygy geçdi

Jan 20, 2021

Awstraliýanyň hökümetiniň karantin howpy sebäpli Ýuwaş ummanynyň üstünden uçup ABŞ-dan gelen sport kepderisini öldürmegi mümkin. Bu barada «mail.ru» ýazýar.
Ysgynsyz kepderini 26-njy dekabrda Kewin Selli-Berd Melburnuň şäheriniň etegindäki melleginden tapypdyr. Şondan biraz soň kepderiniň ABŞ-da 29-njy oktýabrda geçirilen kepderileriň ýaryşynda ýitendigi mälim boldy.
Ekspertleriň pikirine görä, ABŞ-nyň täze saýlanan prezidentiniň şanyna Jo Baýden diýlip atlandyrylan kepderi Awstraliýa ýük gämisinde gelen bolmagy mümkin. Ol 13 müň kilometr aralygy geçipdir.
Ýurduň Oba hojalyk ministrliginde kepderini Awstraliýada galdyryp bolmajakdygyny mälim etdiler. Delil hökmünde hat-da ýerli ýabany guşlaryň hem Awstraliýanyň azyk howpsuzlygyna howp abandyryp biljekdigini mysal getirdiler.
Oktýabryň soňunda guşlaryň we süýdemdirijileriň 850 müň wirusy ýaýradyjy bolup bilýändigini ýüze çykardylar. Munuň pandemiýa görnüşine geçmegi ähtimal diýip pikir edýärler.

Поделиться ссылкой:

Leave a Reply

Войти с помощью: