TÜRKMENISTAN HABARLARY

«Parahatçylyk: çagalaryň sesi» atly döredijilik bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 3-nji orta mekdepde «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» atly döredijilik bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdirýetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde yglan eden bäsleşigi orta mekdepleriň 4—11-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirilýär. Onuň nobatdaky tapgyryna bäsleşigiň şäher we etrap tapgyrynyň ýeňijileri gatnaşdylar.
Olar «Dünýä dursun parahat!» diýen temada düzme ýazmakda, surat çekmekde, şeýle-de maket ýasamakda özleriniň ukyplaryny görkezdiler. Birinji we ikinji orunlary eýelän okuwçylar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Bäsleşige gatnaşan okuwçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply