TARYH

Alajagaplaň bilen sygyryň arasyndaky täsin dostlugyň taryhy

Dünýäde duş gelýän täsinliklere gutarma ýok. Olaryň ýene biri barada gürrüň bermezden ozal bir ýagdaýy göz öňüne getirip görüň. Aýdaly, gije obanyň ýollarynyň biri bilen barýarsyňyz. Şol wagtam alyňyzdan alajagaplaň çykýar diýeli. Şonda özüňizi nähili alyp bararsyňyz? Elbetde, köp ýurtlarda bu ýagdaýy göz öňüne getirmegem aňsat däl. Sebäbi köçede entäp ýören alajagaplaňa duş gelmek mümkin däl. Ýöne Hindistanyň Gujarat ştaty üçin welin bu adaty ýagdaý. Bu ýerde häli-şindi obalara aralaşýan alajagaplaňy görmek bolýar. Olaryň arasynda geň galarlykly wakalar hem duş gelýär. Mysal üçin, Antoli obasynyň ýaşaýjylary häzirler hem 20 ýyl mundan ozal bolup geçen bir wakany höwes bilen ýatlaýarlar. Bu barada «travelask.ru» ýazýar.
Ähli zat adamlaryň obanyň ýakynynda alajagaplaňyň peýda bolýandygyny görmeklerinden başlanypdyr. Ol bir görseň, şeker çiňriginiň içinde, bir görseňem, maýdajyk agaçlaryň arasynda, käwagt bolsa fermanyň ýakynynda görnüp başlapdyr. Ýabany haýwan adamlaryň üstüne topulmandyr. Käwagtlar towuklary alyp gidipdir, birki sany iti haraplapdyr. Adamlar täze peýda bolan «goňşusyndan» howatyrlanyp başlapdyrlar. Şonuň üçin hem, bu barada ýöriteleşdirilen gulluga habar bermegi makul bilipdirler. Haýwanlary halas edýän gullugyň işgärleri ýabany haýwany tutupdyrlar. Görseler, ol urkaçy eken. Ony jeňňeliň alys ýerlerine äkidip, erkinlige goýberipdirler.
Bir aýdan soň adamlar obanyň ýakynynda şular ýaly ýene bir ýabany pişigi görüpdirler. Bar alamatlar ony şol alajagaplaňyň çagasy diýmäge esas beripdir. Haýwan tutýanlar ýene-de alajagaplaňy tutup, jeňňele goýbermek üçin şol oba gelenlerinde, ynanyp bolmajak bir waka barada gürrüňi eşidipdirler. Ine, ola barada gysgaça şeýle gürrüň beripdirler. Obanyň gyrasynda ýaşaýan maşgalanyň birnäçe sygyry bar eken. Eýesi olaryň biriniň ýanyna alajagaplaňyň gelýändigini görüpdir. Özem, geň galmaly ýagdaý — ýyrtyjy oňa hüjüm etmändir, gaýtam, haýwan biri-biri bilen düşünişipdirler. Ýyrtyjy haýwan agyla ýakynlaşanda, ol sygyr beýlekiler ýaly howsala düşmändir-de, «myhmany» arkaýyn garşy alypdyr.
Haýwanlaryň arasynda akyla sygmajak dostlukly gatnaşyk başlanypdyr. Ony gözüň bilen görmeseň, asla ynanyp boljak däl. Olar biri-birine gysylymjyrap, ýatypdyrlar. Sygyr alajagaplaňy ýalapdyr, ol bolsa sygyra hasam gysmyljyrapdyr. Alajagaplaň her gije sygyryň ýanyna gelipdir. Şondan soň iki haýwan birnäçe sagatlap bile bolupdyrlar. Onuň eýeleri sygyr ýalan wagty alajagaplaňyň hyrryldysyny, sygyr ony emdirende, agzynyň şapbyldysyny hem eşidipdirler. Haýwanlar biri-birine şeýle bir ysnyşypdyrlar welin, sygyr özüni ene ýaly, alajagaplaň bolsa özüni çaga ýaly duýupdyr. Bu baradaky habar obanyň adamlarynyň arasynda dessine ýaýrapdyr. Olar iki haýwanyň arasyndaky dostlugy surata düşürmäge çalyşypdyrlar.
Obanyň uly ýaşly adamlary alajagaplaňdan gorkmandyrlar. Ýöne onuň ýyrtyjylygyny edip, çagalaryň üstüne topulmagyndan heder edipdirler. Şonuň üçin hem, ony tutup, jeňňele enesiniň ýanyna taşlap gaýtmagy ýüreklerine düwüpdirler. Ýöne bi olara, ozalkysy ýaly, dessine başartmandyr. Alajagaplaň örän hüşgär bolup çykypdyr. Ol her gezek sygyr bilen duşuşandan soň birnäçe günläp ýitip gidipdir we sygyryp ýanyna duýdansyz gelipdir. Iň soňly gezek ol öz «enesiniň» ýanynda bütin gije bolupdyr we soňra ýitip gidipdir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply