YKDYSADYÝET

Lebapda S-600 kysymly sement öndüriler

Ýakyn günlerde açylyp, ulanylmaga berilmegine garaşylýan «Lebap» sement zawodynyň ikinji tapgyrynda S-600 kysymly ýokary hilli sementiň önümçiligi ýola goýlar.

Täze tapgyryň taslama bahasy 518 million manatlyga barabardyr. Zawodyň gurluşygyna 2020-nji ýylda başlanylypdy. Desganyň gurluşygyny «Türkmenenjam» hojalyk jemgyýeti ýerine ýetirýär. Täze desga binalar toplumyndan ybarat bolup, onda maksatlaýyn binalaryň 43-si guruldy. Toplum 37,5 gektar meýdany tutýar.

Täze gurulýan zawodyň ýyllyk kuwwaty bir million tonna sement öndürmäge barabardyr. Eger zawodyň birinji tapgyrynda portland sementiniň S-400 we S-500 görnüşleri öndürilip, sarp edijilere ýetirilen bolsa, täze tapgyrda has ýokary hilli S-600 görnüşli sementiň hem önümçiligi ýola goýlar.

«Türkmenenjam» hojalyk jemgyýetiniň wekilleriniň aýtmaklaryna görä, desgada Germaniýanyň, Türkiýäniň we beýleki Ýewropa döwletleriniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň döwrebap enjamlar toplumlary oturdylyp, işleriň agramly bölegi awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň kömegi bilen alnyp barlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: