YKDYSADYÝET

Kerkidäki kärhanada tohumlyk pagta çigidi taýýarlanylýar

Kerki pagta arassalaýjy kärhanasynda geçen ýyl «ak altynyň» 6 müň 209 tonnasy gaýtadan işlenilip, 1 müň 679 tonna süýüm alyndy. Bu barada welaýat neşiri habar berýär.

Netijede, 19 million 472 müň 646 manatlyk iş edildi. Bu bolsa bellenilen meýilnamadan ep-esli artykdyr.

Bu ýerde geçen ýylyň dekabr aýynyň ahyrynda ýurt derejesinde ilkinji bolup, tohumlyk gowaça çigidi gaýtadan işlenip başlanyldy. Kärhanada bu derwaýys işi mart aýynyň ahyryna çenli tamamlamak maksat edinilýär.

Bu ýerde häzirki wagtda işçi-hünärmenleriň 200-den gowragy yhlasly zähmet çekýär. Olaryň arasynda kärhananyň bejeriş mehaniki bölüminiň ýolbaşçysy Abdulla Mämmetkulow, hünärmen Rozygeldi Kömekow, ussa Ergeş Jumaýew dagy göreldeli işgärleriň hatarynda tanalýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: