MEDENIÝET

Kerkidäki teatr täze eseri sahnalaşdyrýar

Kerki etrap halk teatrynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli akyldar şahyra bagyşlanan täze eser sahnalaşdyrylyp başlandy. Bu barada: «Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli täze spektakly sahnalaşdyrmagy meýilleşdirýäris. Häzirki wagtda spektaklyň edebi esasy öwrenilip, döredilmeli keşpler barada pikir alyşýarys» diýip, teatryň režissýory Törekul Çöliyew welaýat neşiriniň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Döwlet guşy» romany boýunça Ş. Maşaripowyň edebi esasyny ýazan «Döwletli döwran», Astangeldi Jomartowyň «Syrly bilezik», Myrat Adalakowyň «Bagt menzili», «Baýlyk», «Bagtyýar ýaşlar» spektakllary tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşy alnan sahna oýunlary. Halk teatrynyň baýry işgärleriniň biri Astangeldi Jomartowyň edebi esasyny ýazan we sahnalaşdyran «Syrly bilezik» spektakly welaýat medeniýet müdirligi tarapyndan yglan edilen bäsleşikde baş baýraga mynasyp boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: