YKDYSADYÝET

Lebapda pile öndürmek möwsümine taýýarlyk görülýär

Lebap welaýatynda pile öndürmek möwsümine hem ykjam taýýarlyk görülýär. Bu barada welaýat häkimi Şöhrat Amangeldiýew duşenbe güni geçirilen iş maslahatynda Türkmenistanyň Prezidentine habar berdi.

Häzirki wagtda pileçi kärendeçiler bilen şertnamalary baglaşmak, olary ýüpek gurçugynyň tohumy bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdi we gowaça ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi hem-de bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: