JEMGYÝET

Kerki etrabynyň medeniýet bölüminiň ýanyndaky halk teatry täze pýesany sahnalaşdyrdy

 Kerki etrabynyň medeniýet bölüminiň ýanyndaky halk teatry Myrat Adalakowyň «Baýlyk» diýen 4 perdeli dramasyny sahnalaşdyryp, welaýat derejesinde geçirilen bäsleşikde birinji orny eýeledi hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň Hormat hatyna we gymmat bahaly sowgadyna mynasyp boldy, diýip «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Teatryň repertuarynda Myrat Adalakowyň «Bagt menzili», Şöhrat Maşaripowyň «Döwletli döwran» ýaly eserleri bar. Döredijilik topary dürli ýyllarda bu spektakllary bilen Medeniýet ministrligi tarapyndan geçirilýän bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolupdylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: