YKDYSADYÝET

Pomidor eksportundan 10 müň tonnalyk ösüş bar

Lebap welaýatynyň hususyýetçileri ýyladyşhana şertlerinde ýetişdirilen pomidorlary daşary döwletlere eksport ätmäge işjeň gatnaşýarlar. Şu ýyl Türkmenistandan daşary döwletlere eskport edilen 90 müň tonna pomidoryň agramly bölegi lebaply hususyýetçileriň ýetişdiren hasylydyr. 

Metbugat sahypalarynda ýazyly ýaly, şu ýylky eksportuň mukdary geçen ýylyň degişli döwründäki bilen deňeşdirilende 10 müň tonna çemesi kän. Türkmenistanda ýetişdirilen pomidor esasy import ediji döwletler Russiýa Federasiýasy, Gyrgyzystan, Gazagystan we BAE bolup durýar. 

Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda ýyladyşhanalarda gök we bakja önümlerini ýetişdirmekde türkmen telekeçileri uly öňegidişlikleri gazanýarlar. Esasan hem, Türkmenistanda ýetişdirilen pomidoryň eksport mukdary ýylyň-ýylyna artýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda döwrebap ýyladyşhanalaryň umumy meýdany 916 gektara barabar bolup, şonuň 868 gektarynda pomidor ýetişdirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: