YKDYSADYÝET

Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň gurluşygy üçin goşmaça «KamAZ» kysymly ýük ulaglary satyn alnar

25-nji fewralda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer Ç.Gylyjow Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynda ýerine ýetirilýän işler barada Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Wise-premýer şu günler Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Ahal — Mary böleginde degişli işleriň batly depginde alnyp barylýandygy, ýol gurluşygynda ýörite tehnikalaryň, ýük ulaglarynyň, ýüküni özi düşürýän demir ýol wagonlarynyň köp sanlysynyň ulanylýandygyny habar berdi.
Desganyň gurluşygyny öz wagtynda we ýokary hil derejesinde ýerine ýetirmek maksady bilen, «Türkmen awtoban» paýdarlar jemgyýetiniň hasabyna goşmaça «KamAZ» kysymly ýük ulaglaryny satyn almak hakyndaky teklip beýan edildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň telekeçileriniň tagallasy bilen, ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň häzirki zaman we netijeli ulag düzümini kemala getirmekde ägirt uly ähmiýetli çylşyrymly inženerçilik desgalarynyň gurluşyklarynyň alnyp barylýandygyny belledi.
Döwlet Baştutany Tatarystanyň iri kärhanalary bilen uzak möhletleýin, özara bähbitli gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny belläp, “KamAZ” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýurdumyzda ýerine ýetirýän işlerini mysal getirdi. Bu gün milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda özüni gowy tarapdan görkezen bu ýük ulaglary netijeli peýdalanylýar.
Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşygy alnyp barylýan düzümleýin desgalaryň üpjünçilik ýagdaýyna döwletimiziň hemmetaraplaýyn üns berjekdigini aýdyp, ulaglaryň ýurdumyzyň howa şertlerine laýyk gelmelidigine hem-de ýük göterijiliginiň ýokary bolmalydygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere alnyp barylýan işleriň hil derejesine we bu ugur boýunça degişli meýilnamanyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi güýçlendirmek tabşyryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: