Bagajanyň gazy arassalaýan we suwuklandyrylan gazy öndürýän desgasy döwrebaplaşdyrylar

Ýakyn wagtlarda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Bagajanyň gazy arassalaýan we suwuklandyrylan gazy öndürýän desgasy döwrebaplaşdyyrlar. Bu ony doly kuwwatyna çykarmak arkaly «Bagaja» gaz käninde tebigy gazyň çykarylyşyny hem-de suwuklandyrylan gazyň möçberini artdyrmaga ýardam berer.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň geçen anna güni geçirilen mejlisinde «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-tehniki enjamlary we serişdeleri satyn almagy hakynda» Karara gol çekdi. Önümçilik kuwwatynyň döwrebaplaşdyrylmagy toplumyň işini durnukly we netijeli alyp barmaga şert döreder.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector