YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynyň telekeçileri geçen ýylyň dowamynda 323 tonnadan geçirip et öndürdiler

Lebap welaýatynyň telekeçileri geçen ýylyň dowamynda 323 tonnadan geçirip et öndürdiler. Bu 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende, iki esse gowrak, ýagny, 164 tonna ýakyn köpdür. Diňe dekabr aýynda öndürilen etiň mukdary 42 tonnadan geçdi.

Netijede hususy sektor ilaty ýokary hilli et bilen üpjün etmäge saldamly goşant goşdular. Şeýle ýokary görkeziji käbir hojalyklarda etiň öndürilişini has artdyrylmagynyň netijesinde gazanyldy. Mysal üçin, 2020-nji ýylda söwda nokatlaryna 4,72 tonna et ugradan «Medetkär» daýhan hojalygy 2021-nji ýylda 8,55 tonna öndürdi. Telekeçi Jemşit Temirowyň öndüren etiniň agramy 13 tonnadan geçdi, Ol telekeçiniň ondan öňki ýyldaky tabşyranyndan 22 esse diýen ýalyp köpdür. Telekeçi Sultan Genjiýewiň geçen ýyl öndüren eti öňki ýyldakysyndan 11 esse diýen ýaly köpdür. Onuň söwda nokatlaryna iberen eti 21 tonnada geçdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: