DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Ilon Maskyň baýlygy 304,2 milliard dollara ýetdi

«Forbes Real-Time»-niň hakyky wagtda täzelenilip durulýan milliarderleriň sanawynda Maskyň baýlygynyň bir gije-gündiziň dowanynda 32,6 milliard dollar köpelendigi we jemi 304,2 milliard dollara barabar bolandygy barada maglumat bar. Şeýlelikde, dünýä reýtinginde ol liderligi saklap galmagy dowam etdirýär. Bu barada Russiýanyň «Новости» habarlar agentligine salgylanmak bilen «mail.ru» ýazýar.

2021-nji ýylyň noýabrynda «Tesla»-nyň aksiýasy özüniň taryhy rekordyny täzeledi we Mask adamzadyň taryhynda baýlygy 300 milliard dollara ýeten birinji adam boldy.

Geçen ýylyň oktýabrynda ol 257,6 milliard dollara barabar baýlygy bilen, «Forbes»-iň hasap ýöreden ýyllarynyň ähli döwründe iň baý adam boldy. Oňa çenli «Amazon»-y esaslandyryjy Jeff Bezos iň baý adam hasap edilýärdi. Onuň baýlygy şonda 212 milliard dollara ýetipdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: