SPORT WE SYÝAHAT

Galyndy peýdaly önüme öwrüler

Amerikanyň uniwersitetleriniň birnäçesiniň alymlary fosfor dökünleriniň önümçiliginde galyndy hasaplanylýan fosfogipsden topragyň seýrek gabat gelýän aýratynlyklaryny ýüze çykarýan tehnologiýany döretdiler.

Olaryň pikiriçe, köp basgançakly we energiýa intensiwligi bilen tapawutlanýan usul toprakdaky seýrek gabat gelýän aýratynlyklary ýüze çykarmagyň iň netijeli ýoly bolar. Alymlar onuň bäsdeşlige ukyply boljakdygyny aýdýarlar.

Toparyň bir wekili Lauren Grinliniň aýtmagyna görä, her ýyl Florida ştatynda 200 tonna fosfogiips ýygnanýar. Radioişjeňlik we aýry-aýry seýrek ýer elementlerine bölünmegiň çylşyrymlylygy sebäpli, olary çykarmak üçin geljegi uly çig mal hasaplanmaýar.

Alymlar täze önümçilikde peptidleri ulandylar. Olara esaslanan membranalaryň örän täsirli bolandygy subut edildi.

Gunça AKYÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: