YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynyň telekeçiler içerki bazary et we et önümleri bilen üpjün edýärler

 Üstümizdäki ýylyň ýedi aýynda Lebap welaýatynda mal idedýän telekeçiler 114,6 tonnadan geçirip et öndürdiler.

Häzirki wagtda hususy maldarlaryň 64-si et öndürmek maksady bilen mal semredýärler we içerki bazaryň talaplaryna laýyklykda, söwda nokatlaryny bu önüm bilen üpjün edýärler.

Şonuň ýaly-da, eti gaýtadan işlemek, ondan alyjylaryň uly höwes bilen satyn alýan azygyny öndürmek bilen meşgullanýan telekeçileriň sany ona ýetdi. Olar etden ýokary hilli şöhlat we şöhlat önümlerini taýýarlap we ilata hödürleýärler. Şu wagta çenli ilatyň arasynda geçginli bu önümiň 124,8 tonna ýakynyny söwda nokatlarynyň üsti bilen ýerlenildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: