BIZE YAZYARLAR

Ynsabyň pyşyrdysy

Gurbannazaryň Ezizowyň döredijiliginde:

‘’Durmuş Kiselýowyň algebrasy däl,

Durmuş algebradan çylşyrymly has.

Durmuşda ýalňyşmak asla günä däl,

Çünki ýalňyşmazlyk üçin ýalňyşýas-diýen setirler bar. Elbetde durmuşda ýalňyşmaýan adam ýok.

Bir alymyň örän köp şägirdi we yzyna eýerijisi bar eken. Onuň ylmyndan öwrenmek, peýdalanmak üçin muňlerçe adam huzuryna geler ekeni.  Çözmesi kyn bolan meseleleri, aňlaryny garjaşdyran sowallary hakda oňa ýüz tutar ekenler. Emma günleriň birinde ol bende bir gün ýalňyşlyk goýberipdir we şondan soň adamlar ondan uzaklaşyp, ony terk edipdirler. Talyplar hem öz halypalaryndan ýüz öwrüpdirler. Onuň beýle uly günä işe batyrynmasyny özleri üçin hem biabraýlyk hasaplapdyrlar.

Alym öýünde içini hümledip otyrka, birdenkä gapy kakylypdyr. Çykyp görse, bosagada özünden nämedir bir zat öwrenmek isleýän ýaş oglanlaryň biri duran ekeni. Yaş oglan girmäge we alymdan sapak almaga, öwrenmäge rugsat sorapdyr. Alym adam muňa geň galyp:

 — Sen näme üçin beýlekiler ýaly meni terk edip, taşlap gitmediň? — diýip sorapdyr. Ol oglan:

— Öň hem sizi pygamber hökmünde däl, adam hökmünde görýärdim. Adam

bolsa ýalňyşyp biler” — diýip jogap beripdir.

Üşükli bu ýaş oglan her birimiziň üns bermeli esasy hikmetimizi — durmuş paýhasymyzy ýatladýar — durmuşda, dünýäde hiç bir ýazygy bolmadyk hiç kim yok. Ýalňyşmaýan, hata goýbermeýän, säwlige uçramaýan hiç bir adam yok..

Bagyşlamagy, geçirimlilik etmegi, ýazygyny ötmegi, unutmagy… başarmaly.

Ýüregini Hakdan üzmeýän adamlar bar, olar örän geçirimli, mylakatly, olaryň şu durmuşda barlygy hem durmuşa gözellik, owadanlyk çaýýar. Haýsydyr bir säwligi, büdremesi, hatasy üçin adamlary inkär etjek ýa-da özünden çetleşdirjek bolanok. Gaýta suwuň giňişlige ýaýramagy üçin çüýşäniň dar bogazyndan geçişi deýin, durmuşyň dar we dartgynly ýerlerinde olar bilen ýanma-ýan ýöreýär, olara kömek, ýardam goluny uzadýar. Şeýdibem, olary özleriniň ýöreyan dogry ýollaryna alyp gelýärler.

Halkyň arassa däp-dessurlaryny, päkize ýörelgelerini alyp götermek, şolar esasynda durmuş ýoluna gadam basmak ýeňil-ýelpay iş däl, emma arassa kalp, asuda ten, ynjalykly ynsap, razy köňül bilen ýaşasak, ýagşylyklary sungat deýin ýasasak, hereket etsek, durmuş ýükuni gerdenimizde götermek aňsat düşer.

Içimizdäki ynsap pyşyrdylary pälimizi düzetmelidigimizi ýatladar durar.

Maksat Razakow,

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Halaç etrap komitetiniň hasapçysy. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: