JEMGYÝET

Beýik Britaniýanyň ilçihanasy «Çiwning» stipendiýalar programmasyna gatnaşmaga çagyrýar

Beýik Britaniýanyň ilçihanasy dalaşgärlerden 2023—2024-nji okuw ýyly üçin Internet arkaly amala aşyrylýan «Çiwning» (Chevening) stipendiýalar programmasyna resminamalary kabul edýändigini yglan etdi. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berilýär.

Programma Beýik Britaniýanyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýär we Birleşen Patyşalykda bir ýylyň dowamynda dürli ugurlar boýunça magistr derejesini almaga mümkinçilik berýär.Mugallymlary taýýarlaýan we iňlis dilini öwredýän okuwlar muňa girmeýärler. Stipendiýa ulag çykdajylarynyň, şonuň ýaly-da ýaşamak, iýmitlenmek we okamak üçin gerekli çykdajylaryň üstüni ýapýar.

Dalaşgärler işiniň başynda ýa-da ortasynda bolmaly, iňlis dilini öran gowy bilmeli.

Isleg bildirýänleriň ählisine öz hususy loginini we parolyny döretmek arkaly www.chevening.org/apply web-saýtynda elektron anketa doldurmak teklip edilýär.

Anketalar Internet arkaly 2022-nji ýylyň 1-nji noýabryna çenli kabul edilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: