JEMGYÝET

Welaýat kitaphanasy bilen Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň arasynda sanly ulgam arkaly maslahat geçirildi

Lebap welaýat kitaphanasy bilen Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň arasynda sanly ulgam arkaly maslahat guraldy.

«Magtymguly sözlär tili türkmeniň» diýen at bilen guralan maslahatda institutyň professor-mugallymlary, talyplar, kitaphanaçylar çykyş edip, üstümizdäki ýylda ýurdumyzda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde uludan bellenilýändigi dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler.

Şonuň ýaly-da çykyş edenler dana şahyryň edebi mirasynyň ýaş nesli millilik, watansöýüjilik, lebzihalallyk ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedigini nygtadylar. Şanly ýylda Magtymguly Pyragynyň eserleriniň ýygyndysyny neşir etmek meýilleşdirilýär. Täze neşir okyjylar üçin gymmatly gollanma bolar diýlip çykyşlarda nygtaldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: