Ýewropa dikeldiş we ösüş banky (ÝDÖB) Türkmenistana Garagumda Derweze obasynyň ýakynynda ýanyp duran gaz kraterini söndürmäge kömek bermäge taýýar. Bu barada bankyň ýolbaşçysy Odil Reno-Bassonyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna iberen hatynda aýdylýar, diýip, «Türkmenistan. Altyn asyr» habar berýär.
ÝDÖB-niň ýolbaşçysy ugurdaş gazyň ýanmasyny bes etdirmek üçin mümkin bolan tehniki we ykdysady görnüşleri öwrenmäge Türkmenistana goldaw berjekdigini beýan etdi.
Şonuň ýaly-da, ol ÝDÖB-niň hünärmenleriniň türkmen kärdeşleri bilen hyzmatdaşlykda degişli tehniki ýumuşlary taýýarlamaga, kwalifissirlenen konsultantlary saýlap almaga we olar bilen kontrakt baglaşmagy geçirmäge, şonuň ýaly-da, barlag işini taýýarlanda, bar bolan bilimleri we tejribäni doly ulanmagy üpjün etmek üçin Türkmenistanyň degişli ministrlikleri we edaralary bilen iş toparyny döretmäge gatnaşyp biljekdigini belledi.